Taryhda 13-njy iýul

Taryhyň Şu Güni

1234967
Taryhda 13-njy iýul

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 13-nji iýuly… Taryhyň Şu Güni başlaýar…

1793-nji ýylyň 13-nji iýuly… Fransuz ynkylabynyň öňbaşçylaryndan Žan Pol Marat garşydaşy Şarlotte Kordaý tarapyndan pyçaklanyp öldürilýär.

1923-nji ýylyň 13-nji iýuly… 14 metr uzynlygyndaky harplardan emele gelýän Golliwud ýazgysy Los Anželesdäki Golliwud depelerine gurulýar. Ýazgy ilki Golliwudland görnüşindedi. 1949-njy ýylda abatlaýyş işlerinden soň dört harpy aýrylýar.

1930-njy ýylyň 13-nji iýuly… Birinji Bütindünýä futbol çempionaty Uruguwaýda başlaýar.

1937-nji ýylyň 13-nji iýuly… Fransiýa Hataýyň garaşsyzlygyny yglan edýär.

1941-nji ýylyň 13-njyiiýuly… Britaniýa bilen Sowet Soýuzy özara arkalaşyk ylalaşygyna gol çekişýär.

1949-njy ýylyň 13-nji iýuly… Papa Pius kommunizme söweş yglan edip, Kommunistik partiýa agza bolanlaryň buthanadan çykaraljakdygyny beýan edýär.

1985-nji 13-nji iýuly… Afrikadaky garyplyk we gytlyk sebäpli çekilýän adam pidalaryny azaltmak üçin “Janly kömek” konserti berilýär.

1993-nji 13-nji iýuly… Diýarbakyr welaýatynyň Ergani etrabyndaky gazuw-agtaryş işlerinden tapylan 9 müň ýyllyk mata bölekleriniň in gadymy dokma önümi bolandygyny beýan edilýär.


Etiketkalar: #papa , #dokma , #Britaniýa

Degişli Habarlar