Taryhda 30-njy iýun

Taryhyň Şu Güni

1227072
Taryhda 30-njy iýun

1908-nji ýylyň 30-njy iýuny – Tungusskiý meteorit. Sibirň merkezi sebitindäki tokaýlyk ýere gaçan meteorit, örän uly territoriýa täsir ýetirip, sebitäki ähli tokaý gurluşyny we janl-jandarlary ýok etdi. Hirosima atylan atom bombasyndan onlarça esse uly täsire eýe bolan meterodiň ýagtylygyny 800 km uzaklykdan hem görüp bolýardy.

1921-nji ýylyň 30-njy iýuny – Şu günki ady bilen Çagalary goramak edarasy bolan Hemaýat Eftal jemgyýeti Ankarada esaslandyryldy. Milli azat edijilik söweşinde ýetim galan çagalary goramak we ähli zerurlyklar bilen üpjün etmek maksady bilen döredilen jemgyýet, şol döwürde TBMM-nyň başlygy Mustafa Kemal Paşa tarapyndan goldanýardy.

1936-njy ýylyň 30-njy iýuny – Efiopiýanyň imperatory Haile Selassie, Mussolininiň ýurduny basyp almagy bilen, Milletler jemgyýetinde çykyş edip, ýardam isledi.

1939-njy ýylyň 30-njy iýuny - TBMM-de Hataý welaýatynyň Türkiýäniň düzümine goşulmagyny sesleriň köplügi bilen kabul etdi.

1990-njy ýylyň 30-njy iýuny - Gündogar we Günbatar Germaniýa ykdysadyýetlerini birleşdirmek barada karar kabul etdiler.

1997-nji ýylyň 30-nji iýuny - J.K. Rowling tarapyndan ýazylan Garri Poter kitabynyň ilkinjisi çap edildi.


Etiketkalar: #taryh

Degişli Habarlar