Taryhda 24-nji iýun

Taryhyň Şu Güni

1442326
Taryhda 24-nji iýun

 

1950-nji ýylyň 24-nji iýun…  Koreýa urşy başlaýar. Sowet Soýuzy we Hytaý tarapyndan goldanýan Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreýa hüjüm etmegi bilen Sowuk urşuň ilkinji çaknyşygy başlaýar. Demirgazyk Koreýanyň goşunlary 3 günüň dowamynda Günorta Koreýanyň paýtagty Seuly alýar. Emma ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki BMG-niň goşunlarynyň gatnaşmagyndaky söweş  3 ýyl dowam edýär.

1993-nji 24-nji iýun Türkiýäniň ilkinji zenan Premýer ministri Tansu Çiller bolýar. Tansu Çillere Dogry ýol partiýasynyň başlyklygyna saýlanmagyndan soň Prezident Süleýman Demirel tarapyndan hökümeti gurmak ygtyýary berilýär we Sosial demokrat halkçy partiýa bilen koalisiýa gurýar.

2009-njy 24-nji iýun Dünýäniň meşhur sungat ussatlaryndan we “Estradanyň şasy” derejesine eýe bolan Maýkl Jekson 51 ýaşynda dünýeden ötýär.



Degişli Habarlar