Taryhda 16-njy iýun

Taryhyň Şu Güni

1218570
Taryhda 16-njy iýun

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 16-njy iýuny… Taryhyň şu güni başlaýar…

1826-njy ýylyň 16-njy iýuny… Patyşa Mahmut 2-nji Ýeniçeri Ojagyny bes edýär. Haýyrly waka atlandyrylýan we Ýeniçeri we beýleki howpsyzlyk gulluklarynyň ýapylmagy Türkiýäniň taryhynyň we döwrebap Türkiýäniň başlangyjy bolýar.

1919-njy ýylyň 16-njy iýuny… Ýörük Ali Efe we egindeşleri “Malgaç Hüjümi” bilen Aýdyndaky grek bekedini ele geçirýär.

1950-nji ýylyň 16-njy iýuny… Türkiýäniň Mejlisi türkçe okalýan azanyň ozalkysy ýaly arapça okalmagy hakynda karar kabul edýär.

1963-nji ýylyň 16-njy iýuny… “Wostok 6” bilen dünýäniň orbitasyna uçurylan rus kosmonawty Walentina Tereşkowa älem giňişligine giden ilkinji zenan derejesine eýe bolýar.

1964-nji ýylyň 16-ny iýuny… Amerikaly garaýagyz halklaryň öňbaşçysy Martin Luter King Nobeliň parahatçylyk baýragyna laýyk görülýär.

1979-njy ýylyň 16-njy iýuny… Türk kinosynyň belli aktýorlaryndan Aýhan Yşyk dünýeden ötýär.


Etiketkalar: #aktýor , #garaýagyz , #taryh

Degişli Habarlar