Taryhda 15-nji iýun

Taryhyň Şu Güni

1218566
Taryhda 15-nji iýun

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 15-nji iýuny… Taryhyň şu güni başlaýar…

1752-nji ýylyň 15-nji iýuny… Benžamin Franklin batbörek synagy bilen ýyldyrymyň tok akymydygyny subut edýär.

1927-nji ýylyň 15-nji iýuny… Türkiýäniň ilkinji döwrebap psihiki we ruhy hassalyklar hassahanasy bolan Bakyrköý Ruhy we beýni hassalyklary hassahanasy açylýar.

1941-nji ýylyň 15-nji iýuny… 2-nji Jahan urşunyň Demirgazyk Afrika frontunda iňlis güýleri nemes we italian güýlerine garşy “Söweş paltasy” operasiýasyny başladýar.

1961-nji ýylyň 15-nji iýuny… Türk edebiýatynyň belli roman we esse ýazyjysy Peýami Sefa dünýeden ötýär.

1933-nji ýylyň 15-nji iýuny… Haýdar Aliýew Azerbaýjanyň Ýokary Mejlisiniň başlyklygyna saýlanýar. Şeýlelikde 15-nji iýun Azerbaýjanyň taryhynda Milli azatlyk güni hökmünde kabul edilýär.

2002-nji ýylyň 15-nji iýuny… “2002 MN” atly astreoid dünýäniň 121 000 kilometr golaýynda geçýär. Şol aralyk dünýä bilen aýyň arasyndaky aralygyň üçden birine barabar.



Degişli Habarlar