Taryhda 29-njy maý

Taryhyň Şu Güni

1210264
Taryhda 29-njy maý

1453-nci ýylyň 29-njy maýy… Osman Patyşasy Fatih Soltan Mehmet Stambuly zabt edip, Wizantiýa imperiýasyny syndyrýar. Stambulyň zabt edilmegi bilen orta asyr ýapylýar.

1914-nci ýylyň 29-njy maýy… Kanadanyň ýolagçy gämisi “RSM Empress of İreland” San Lawrens aýlagynda gark bolýar. 1014 ýolagçy heläk bolýar.

1936-ncy ýylyň 29-njy maýy… Türk baýdagy baradaky kanun Türkiýäniň Meclisinde kabul edilýär.

1953-nci ýylyň 29-njy maýy… Täze zelandiýaly alpinist Edmund Hillari bilen nepalli Şerpa Tenzing Norgaý ewereste çykan ilkinci alpinistler bolýarlar.

1985-nci ýylyň 29-njy maýy… Ýewropanyň Çempion Klublar kubogy üçin Liwerpul-Ýuwentus bäsleşiginiň geçirilýän ýeri bolan Belgiýanyň Heýsel stadionynda bolan wakalarda 39 adam ýogalýar, 350 adam ýaralanýar.

1988-nci ýylyň 29-njy maýy… Bosfor bogazynda Fatih Soltan Mehmet köprüsiniň gurluşyg tamamlanýar.



Degişli Habarlar