Taryhda 27-nji maý

Taryhyň Şu Güni

1208833
Taryhda 27-nji maý

1905-nji ýylyň 27-nji maýy… Tsuşima urşy başaýar. Ertesi gün ýapon deňiz flotunyň rus flotuny tas ýok etmegi bilen gutarýar. Şol uruş dünýä taryhynyň ilkinji döwrebap deňiz söweşi boldy.

1907-nji ýylyň 27-nji maýy… San Fransiskoda we Kaliforniýada öýken mergisi epidemiýasy ýüze çykýar.

1953-nji ýylyň 27-nji maýy… Parijde Belgiýanyň, Fransiýanyň, İtaliýanyň, Lýuksemburgyň, Gollandiýanyň we Günbatar Germaniýanyň arasynda Ýewropa Goranyş Bileleşiginiň Döredilmegi hakyndaky ylalaşyga gol çekişilýär.

1960-nji ýylyň 27-nji maýy… 27-nji maý harby agdarlyşygy guralýar.

1999-njy ýylyň 27-nji maýy… BMG-niň Harby jenaýatlar kazyýeti Ýugoslawiýanyň döwlet ýolbaşçysy Slobodan Milosewiçi Kosowadaky pajyganyň günäkäri we etniki albanlary gyrmakda günäli diýip tapdy.

2001-nji ýylyň 27-nji maýy… 53 döwlet Afrika bileleşigini döredýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar