Taryhda 24-nji maý

Taryhyň Şu Güni

1207278
Taryhda 24-nji maý

1884-nji ýylyň 24-nji maýy… Amerikaly alym Samuel Mors Amerikan kongresinden Baltimordaky otly bekedine öz düzen Mors elipbiýi bilen ilkinji habarnamasyny ugradýar.

1924-nji ýylyň 24-nji maýy… Daşary ýurtly firmalar tarapyndan dolandyrylýan Anadoly demirýollary firmasynyň millileşdirilmegi üçin çykarylan kanuna laýyklykda “Anadoly-Bagdat Demirýollary Umumy Müdirligi” döredilýär.

1956-njy ýylyň 24-nji maýy… İlkinji Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigi Şweýsariýanyň Lugano şäherinde geçirilýär. Basleşikde Şweýsariýadan gatnaşan Lis Assia üstün çykýar.

1964-nji ýylyň 24-nji maýy… Peru bilen Argentinanyň arasynda oýnalan futbol bäsleşiginde bolan wakalar sebäpli 318 adam pida bolýar, 500-e golaý adam ýaralanýar.

2003-nji ýylyň 24-nji maýy… Latwiýanyň geçiren 48-nji Ýewrowideniýe bäsleşiginde Türkiýäniň adyndan bäsleşen Sertab Erener birinji orny eýeleýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar