Taryhda 23-nji aprel

Taryhyň Şu Güni

1188080
Taryhda 23-nji aprel

 

 

Şu gün 2019-njy ýylýň 23-nji apreli… Taryhyň Şu Güni başlaýar…

1616-njy ýylýň 23-nji apreli… Dünýäniň belli drama ýazyjysy, Britaniýanyň milli şahysy atlandyrylýan Uilliam Şekspir dünýä inýär.

1920-nji ýylýň 23-nji apreli… I Jahan urşundan soň territoriýasy basylyp alynan türkleriň başladan Azat edijilik söweşinde özygtyýarlylygyň şertsiz belliksiz millete degişlidigini görkezmek üçin Türkiýäniň çar tarapyndan saýlanan wekilleriň gatnaşmagy bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi açylýar.

1923-nji ýylýň 23-nji apreli… Azat edijilik söweşinden soň duşmanlaryndan kowup çykaran türkleriň halkara arenada ykrar etdirilmegi we ýaraşyk şertnamalarynyň baglaşylmagy üçin 2-nji Lozanna parahatçylyk maslahaty öz içine başlaýar.

1979-njy ýylýň 23-nji apreli… “Çagalar ýyly” yglan edilmeginden soň şol ýyl ilkinji gezek TRT tarapyndan “Halkara 23-nji aprel Çagalar festiwaly” ady bilen dabaralar geçirilýär.

2005-nji ýylýň 23-nji apreli… Şahyr we ýajyzy Sunaý Akynyň 20 ýylyň dowamynda 40-dan gowrak ýurtda satyn alan oýunjaklaryndan emele gelýän Stambulyň Oýunjak muzeýi açylýar.



Degişli Habarlar