Taryhda 17-nji aprel

Taryhyň Şu Güni

1184937
Taryhda 17-nji aprel

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 17-njy apreli…Taryhyň şu güni başlaýar…

1453-nji ýylyň 17-njy apreli… Fatih Soltan Mehmet Stambulyň adalaryny zabt edýär.

1790-njy ýylyň 17-njy apreli… Amerikaly alym, syýasatçy we ýazyjy Benžamin Franklin dünýeden ötýär.

1897-nji ýylyň 17-njy apreli… Osman imperiýasy bilen Gresiýa şalygynyň arasynda “30 gün söweşi” atlandyrylan uruş başlaýar.

1940-njy ýylyň 17-njy apreli… Başlangyç synp mugallymlaryny taýarlamak üçin Türkiýä mahsus Oba institutlarynyň açylmagy hakyndaky kanun kabul edilýär.

1946-nji ýylyň 17-njy apreli… Siriýa fransuzlardan garaşsyzlygyny yglan edýär.

1954-nji ýylyň 17-njy apreli… 1915-nji ýylda 1-nji Jahan urşy ýyllarynda Çanakgala urşunda pida bolan türk esgerleriniň hatyralasyna gurlan Çanakgala ýadygärliginiň gurluşygyna badalga berilýär.

1961-nji ýylyň 17-njy apreli… ABŞ tarapyndan goldanan sürgündäki kubalylar Fidel Kastrony häkimiýet başyndan agdarmak üçin Kuba hüjüm guraýar. Doňuzlar aýlagy operasiýasy Fidel Kastronyň ýeňişi bilen tamamlanýar.

1972-nji ýylyň 17-njy apreli… ABŞ-da Niksonyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň 1972-nji ýyldaky saýlawda syýasy bäsdeşlerini bikanun diňländigi ýüze çykarylýar.

1993-nji ýylyň 17-njy apreli… Türkiýäniň 8-nji prezidenti Turgut Özal aradan çykýar.



Degişli Habarlar