Taryhda 14-nji aprel

Taryhyň şu güni

1182711
Taryhda 14-nji aprel

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 14-nji apreli… Taryhyň şu güni başlaýar…

1759-njy ýylyň 14-nji apreli… Opera, oratorýa, kantata, duet eserleri bilen tanalan klassiki nemes sazynyň kompozitory Jorj Fredrih Gandel dünýeden ötýär.

1865-nji ýylyň 14-nji apreli… ABŞ-nyň Prezidenti Abraham Linkoln öldürilýär. Linkolny Waşingtondaky Ford teatrynda oýuna tomaşa edýärkä artist Jon Walkes But sapançasy bilen atýar.

1912-nji ýylyň 14-nji apreli… Döwrüň iň uly ýolagçy gämisi Titanik ýary gije aýsberge kakýar we batmaga başlaýar.

1947-nji ýylyň 14-nji apreli… Göreşçi Ýaşar Dogu Ýewropa çempiony bolýar. Türkiýäniň ýygyndy komandasy bolsa Ýewropa boýunça üçünji orny eýeleýär.

1986-njy ýylyň 14-nji apreli… Roman, pelsepe, syýasy we sosial esse we awtobiografiýa ýazyjysy, jurnalist Simon de Bowuar wepat bolýar.



Degişli Habarlar