Taryhda 13-nji aprel

Taryhyň şu güni

1182581
Taryhda 13-nji aprel

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 13-nji apreli… Taryhyň şu güni başlaýar…

Ýazan basnýalary bilen tanalýan fransuz şahyry, ýazyjy Ýan De La Fonteýn 1695-nji ýylyň 13-nji aprelinde aradan çykýar.

1909-njy ýylyň 13-nji apreli… Osman imperiýasynda 2-nji Konstitutsion döwrüň yglan edilmeginden soň hökümete garşy 31-nji mart pitnesi turýar. Pitne Rumy kalendaryna görä 1325-nji ýylyň 31-nji martynda başlandygy üçin şol at bilen atlandyrylýar.

1933-nji ýylyň 13-nji apreli…Ýokary inženerçilik mekdebini tamamlan Sabiha we Melek hanym Türkiýäniň ilkinji zenan inženeri derejesini alýarlar.

1949-njy ýylyň 13-nji apreli… Türk zenanlar bileleşigi Prezident Ismet Inönüniň aýaly Mewhibe İnönüniň hormatly ýolbaşçylyk etmeginde döredilýär.

1999-njy ýylyň 13-nji apreli… Halkara Atatürk Parahatçylyk baýragy Azerbaýjanyň Prezidenti Haýdar Aliýewe berilýär.

2015-nji ýylyň 13-nji apreli… Häzirki zaman nemes edebiýatynyň meşhur ýazyjylaryndan biri bolan Nobeliň edebiýat baýragynyň laureaty Gunter Ggrass dünýeden ötýär.


Etiketkalar: #pitneçi , #zenan , #inžener , #baýrak

Degişli Habarlar