Taryhda 30-njy mart

Taryhyň Şu Güni

1173590
Taryhda 30-njy mart

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 30-njy marty… Taryhyň şu güni başlaýar…

1842-nji ýylyň 30-njy marty… Dr.Krawford Lond talyplaryndan biriniň boýnundaky çişi aýyrmak üçin geçiren operasiýasynda, hassasyny efir bilen ukladyp, lukmançylyk taryhynda ilkinji gezek anateziýa tejribesinden peýdalanýar.

1856-njy ýylyň 30-njy marty… Rus imperiýasynyň, Osman İmperiýasynyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň arasynda Pariž ylalaşygyna gol çekişilýär. Şol ylalaşyk bilen Krym urşy bes edilýär.

1863-njy ýylyň 30-njy marty… Ete-atasy bolmadyk çagalary tölegsiz ýatarlaýyn okatmagy nazarda tutýan Türkiýede bilim pudagynda ilkinji jemgyýetçilik guramasy bolan Darüşşafaka döredilýär.

1867-nji ýylyň 30-njy marty… ABŞ-nyň territoriýa taýdan iň uly, ilat taýdan iň seýrek bolan ştaty Alýaska ABŞ-nyň döwlet Sekretary Uiliam Seward tarapyndan rus imperiýasyndan 7,2 million dollara satyn alynýar.

1918-nji ýylyň 30-njy marty… Bakuwda we etraplarynda Bakuw respublikasy bilen ermeni ynkylapçy federasiýasynyň güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar başlaýar. Mart wakalarynda köp sanly adam aradan çykýar.

1956-njy ýylyň 30-njy marty… Türk şahyry, ýazyjy we hukukçy Mithat Jemal Kuntaý aradan çykýar.



Degişli Habarlar