Taryhda 22-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1168504
Taryhda 22-nji mart

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 22-nji marty… Taryhyň şu güni başlaýar…

1829-njy ýylyň 22-nji marty… Londonda geçirilen maslahatda Gresiýa döwletiniň gurulmagy baradaky teswirnama Ýewropa döwletleriniň ilçileri tarapyndan gol goýulýar.

1888-nji ýylyň 22-nji marty… Britaniýada dünýä futbolynyň iň gadymy futbol çäresi bolan “Iňlis futbol ligiasy” döredilýär.

1943-nji ýylyň 22-nji marty… Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda ikitaraplaýyn radio ýaýlym gullugy açylýar.

1945-nji ýylyň 22-nji marty… Müsür, Siriýa, Liwan, Iordaniýa, Saud Arabystany, Yrak we Ýemen Kairde Arap Bileleşigini döredýärler.

1968-nji ýylyň 22-nji marty…Parijiň Nanterre uniwersitetinde ABŞ-nyň Wiýetnamda alyp barýan urşuna garşy duran we bilim ulgamynda özgertme edilmegini isleýän talyplar Daiel Jon-Benditiň liderliginde uniwersitetiň birinji zalyny ele geçirip, "68 wa“alaryny" başladýar.

2001-nji ýylyň 22-nji marty… Türkiýäniň ilkinji zenan uçarmanlaryndan we dünýäniň ilkinji harby uçarmany Sabiha Gökçen aradan çykýar. Sabiha Gökçen M.K.Atatürkiň perzentlige alan 8 çagasyndan biridi.

 


Etiketkalar: #radio , #zenan , #uçarman , #ýaýlym

Degişli Habarlar