Taryhda 20-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1167434
Taryhda 20-nji mart

Şu gün 2019-njy ýylyň 20-nji marty… Taryhyň şu güni başlaýar…

1792-nji ýylyň 20-nji marty… Fransiýanyň Milli Mejlisi gilotina bilen ölüm jezasynyň berilmegini tassyklady. Ady, oýlap tapyjysy fransz lukmany İosef İgnas Gilotinden gelip çykýan gilotina ilkinji gezek 1792-nji ýylyň 25-nji aprelinde ulanylýar.

1916-njy ýylyň 20-nji marty… Albert Eýnşteýn ylymda çygyr açan Umumy gatnaşyk teoriýasyny çap edýär.

1956-njy ýylyň 20-nji marty… Tunis Fransiýadan garaşsyzlygyny alýar. Tunisiň ilkinji döwlet Ýolbaşçysy Habib Burgiba bolýar.

1971-nji ýylyň 20-nji marty… Türk jurnalisti we ýazyjy Falih Ryfky Ataý aradan çykýar.

1995-nji ýylyň 20-nji marty… Tokio metrosynda guralan sarin gazy hüjüminde 12 adam ýogalýar, 1300 adam ýaralanýar.

1996-njy ýylyň 20-nji marty… Britaniýanyň hökümeti Kreýtsfeld Ýakop hassalygynyň adamlara ýokaşandygyny beýan etdi.


Etiketkalar: #mart , #taryh

Degişli Habarlar