Taryhda 14-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1162988
Taryhda 14-nji mart

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 14-nji marty…Taryhyň şu güni başlaýar…

1827-nji ýylyň 14-nji marty… Mahmut 2-nji döwründe Türkiýäniň taryhyndaky ilkinji Lukmançylyk fakulteti Mektebi Tybbiýei Şahane açylýar. 1843-nji ýylda ilkinji uçurymlaryny gutardan fakultet 4 uçurymyny 1848-nji ýylda Wenada geçirilen lukmançylyk synagyndan geçendigi üçin Ýewropadaky lukmançylyk fakultetleri bilen deň derejeli hukuga eýe bolýar.

1919-njy ýylyň 14-nji marty… Lukmançylyk fakultetiň açylan güni Lukmançylyk baýramy hökmünde bellenilmäge başlanýar.

1980-nji ýylyň 14-nji marty… ABŞ-nyň Harby howa güýçlerine degişli harby ýük uçary Injlirlik harby howa bazasyna gonýarka ýere gaçýar. 18 amerikan esgeri heläk bolýar.

2000-nji ýylyň 14-nji marty… Ştangaçy Naim Süleýmanogly Ankaradaky türgenleşiklerinde 145 kilogram göterim, resmi däl dünýä rekorduny goýýar.

1883-nji ýylyň 14-nji marty… Nemes filosofy, syýasy ykdysadtçy Karl Marks aradan çykýar. Dünýäniň ykdysady klassikalaryndan biri bolan Das Kapitalyň awtory Marks Londonda “watansyz” adam hökmünde dünýeden ötýär.

2018-nji ýylyň 14-nji marty… Iňlis fizigi, kosmolog, astrolog, teorik, ýazyjy Stepan Hawking aradan çykýar.



Degişli Habarlar