Taryhda 13-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1162090
Taryhda 13-nji mart

Şu gün 2019-njy ýylyň 13-nji marty…Taryhyň şu güni başlaýar…

624-nji ýylyň 13-nji marty… Mekgelileriň musulmanlary göçmäge mejbur etmegi we göçden soň galan emläklerini talamaklary sebäpli musulmanlar bilen ynançsyz mekgelileriň arasynda Bedir söweşi bolýar. Söweşde musulmanlar üstün çykýarlar.

1781-nji ýylyň 13-nji marty… Güneş ulgamynyň ýedinji planetasy bolan uran iňlis astronomy Uiliam Hersçel tarapyndan açylýar.

1840-nji ýylyň 13-nji marty… Osman imperiýasynda Rumy kalendar ulanylmaga başlanýar. 1870-nji miladi ýylyna çenli hem hinjri kamary kalendar hem-de rumy kalendar bilelikde ulanylýar.

1996-njy ýylyň 13-nji marty… Şotlandiýanyň Dunblan etrapçasyndaky başlangyç mekdebine hüjüm guran adam 3 minudyň dyowamynda synp mugallymyny we 5-6 ýaşly 16 çagany öldürýär. Hüjümçi kellesine atan güllesi bilen öz janyna kast edýär.

2013-nji ýylyň 13-nji marty… Argentinaly Kardinal Ýorge Mario Bergoglio katolikleriň 266-njy Papalygyna saýlanýar. Bergoglio Müň ýyldan bäri Ýewropanyň daşynda saýlanan we latyn amerikaly ilkinji Papa derejesine eýe bolýar.

2010-njy ýylyň 13-nji marty… 73 santimetrlik boý bilen dünýäniň ýörän iň gysga adamy derejesi bilen Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren Hi Pingping aradan çykýar.


Etiketkalar: #taryh , #mart

Degişli Habarlar