Taryhda 12-nji mart

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 12-nji mart

Şu gün 2019-njy ýylyň 12-nji marty…Taryhyň şu güni başlaýar…

1921-nji ýylyň 12-nji marty… Türk milletiniň Döwlet senasy Mejlisde kabul edilýär. Şol ýyllarda garaşsyzlyk we azat edijilik söwşini alyp baran türkleriň watan we baýdak söýgüsini, azatlyk ygtyýaryny beýan edýän şygyr, Mejlisde dabara bilen kabul edilýär.

1930-njy ýylyň 12-nji marty… Hindistanyň we Hindistanyň garaşsyzlyk hereketiniň syýasy hem-de ruhany lideri Mahatma Gandi hökümetiň duz önümçiligindäki monopoliýasyna garşy “Duz ýörişine” başlaýar. 6-njy aprele çenli dowam eden ýörişde Gandä müňlerçe hindi ýoldaşlyk edýär.

1985-nji ýylyň 12-nji marty… Türkiýäniň Kanadadaky İlçihanasyna ermeni terrorçylary tarapyndan hüjüm guralýar. Hüjümde İlçi Joşkun Kyrja ýaralanýar, kanadaly polislerden biri ýogalýar.

1971-nji ýylyň 12-nji marty… Ýurtdaky syýasy çökgünlik, iştaşlaýyşlar, talyp protestleri sebäpli Türk ýaragly güýçleri hökümete duýduryş berýär. Duýduryşyň netijesinde Premýer ministr Süleýman Demirel iş başyndan çekilýär. 26-njy martda Nihat Erimiň ýolbaşçylyk etmeginde Özgertmeler hökümeti gurulýar.

2000-nji ýylyň 12-nji marty… Papa Jon Pol 2-nji buthananyň ýehudilere, garşydaşlara, zenanlara we ýerlilere eden günäleri sebäpli ötünç sorady.

2003-nji ýylyň 12-nji marty… Serbiýanyň Premýer ministri Zoran Dindij Belgratda guralan hüjümde aradan çykýar.


Etiketkalar: mart , taryh

Degişli Habarlar