Taryhda 11-nji mart

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 11-nji mart

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 11-nji marty…Taryhyň şu güni başlaýar…

1702-nji ýylyň 11-nji marty… Britaniýanyň gündelik çykarylan ilkinji milli gazeti “Deýli Kurant” neşir edilmäge başlanýar. Bir sahypadan ybarat bolan gazetiň öň tarapynda habarlar, arka tarapynda bolsa reklamalar ýerleşdirilýärdi.

1851-nji ýylyň 11-nji marty… Juseppe Werdinin “Rigoletto” operasy ilkinji gezek Wenesiýada sahna goýulýar. Uly üstünlige eýe bolan operanyň aýdymlary ertesi gün Wenesiýanyň köçelerinde sykylyk bilen çalynmaga başlanýar.

1935-nji ýylyň 11-nji marty… Türkçülik akymynyň öňbaşçylaryndan, Türk Ojaklary jemgyýetiniň esaslandyryjylaryndan biri bolan taryhçy we syýasat adamsy Ýusuf Akçura aradan çykýar.

1951-nji ýylyň 11-nji marty… Ilkinjisi Täze Delide guralan Aziýa oýunlary öz işini tamamlaýar. Häzirki döwre çenli dowam eden bäsleşikler Halkara Olimpia komitetiniň goldaw bermeginde Aziýa Olimpia komiteti tarapyndan guralýar.

2004-nji ýylyň 11-nji marty… Madritde 3 otly bekedinde guralan 4 partlamada 177 adam ýogalýar. Hökümet hüjümlerden ETA-nyň jogapkärdigini beýan etdi. Gurama günäkärlemäni kabul etmedi.

2011-nji ýylyň 11-nji marty… Ýaponiýanyň Tohoku şäherinde 9 bala barabar ýer titremesi bolýar. Şol ýer titremesiniň Ýaponiýada bolan iň uly, dünýäde bolsa iň uly bäş ýer titremesinden biridigi beýan edilipdi. Ýer titremesinden beýikligi 37,9 metre çenli baryp ýeten sunami tolkunlary emele geldi.



Degişli Habarlar