Taryhda 5-nji mart
Taryhyň Şu Güni

Şu gün 2019-njy ýylyň 5-nji marty… Taryhyň şu güni başlaýar.
1912-nji ýylyň 5-nji marty… Italian goşunlary howa şarlaryny harby maksatly peýdalanan ilkinji harby goşun bolýar. Italianlar şol howa ulaglaryny türk goranyş zolaklaryna barlag geçirmek üçin uradýar.
1920-nji ýylyň 5-nji marty… Türkiýe Ýaşylaý jemgyýeti döredilýär.
1933-nji ýylyň 5-nji marty… Germaniýada geçirilen parlament saýlawlarynda Nasional sosialist nemes zähmetkeşler partiýasy 43,9 ses alyp, esasy köplüge eýe bolýar we häkimiýet başyna geçýär.
1933-nji ýylyň 5-nji marty… Uly çökgünligiň iň agyr ýyllary… ABŞ-nyň Prezidenti Franklin Ruzwelt ähli banklary ýapýar we maliýe operasiýalaryny bes edýär.
1946-njy ýylyň 5-nji marty… 2-nji Jahan urşunda ýüze çykan we Sowet Soýuzy bilen Gündogar Ýewropa ýurtlaryny aňladýan Demirperde adalgasy: ilkinji gezek Britaniýanyň Premýer ministri Winston Çerçil tarapyndan ulanylýar.
1953-nji ýylyň 5-nji marty… 1929-njy ýyldan bäri Sowet Soýuzyna liderlik eden Iosif Stalin aradan çykýar