Taryhda 28-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1153760
Taryhda 28-nji fewral

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 28-nji fewraly… Taryhyň şu güni başlaýar…

1922-nji ýylyň 28-nji fewraly… Müsür Britaniýadan garaşsyzlygyny yglan edýär.

1500-nji ýyllarda Osman döwletiniň häkimiýeti astyna girenden soň 400 ýyla golaý türk hökmürowanlygyna tabyn bolan Müsür 1882-nji ýylda Osman döwletinden aýrylyp, iňlis häkimiýetine geçýär. 40 ýyl iňlisler tarapyndan dolandyrylan Müsür Şalygynda 1922-nji ýylyň 28-nji fewralynda garaşsyzlyk yglan edilen bolsa, üýtgän zat bolmady. Iňlis häkimiýeti 1952-nji ýylda agdarlyşyk netijesinde Müsür şalygynyň ýykylmagyndan soň ortadan aýrylýar. Müsürde Şalygyň agdarylmagyndan bir ýyl soň respublika yglan edilýär.

1940-njy ýylyň 28-nji fewraly… Ilkinji basketbol bäsleşigi ABŞ-da teleýaýlymdan göni efire berildi. Fordham bilen Pittsburg uniwersitetleriniň komandalarynyň Madison Sugar Gardende oýnan bäsleşigi teleýaýlymda görkezilen ilkinji basketbol bäsleşigi bolýar.

1945-nji ýylyň 28-nji fewraly… Türkiýe BMG-niň jarnamasyna gol goýýar. Türkiýäniň Geňeşçisi ilçisi Orhon Erol tarapyndan Amerikada gol goýulan jarnamadan 8 aý soň BMG resmi taýdan döredilýär.

2015-nji ýylyň 28-nji fewraly… Nobeliň edebiýat baýragyna dalaşgärlige hödürlenen türk ýazyjysy Ýaşar Kemal aradan çykýar. Meşhur türk ýazyjysy Ýaşar Kemal dünýä derejesinde 20-den gowrak baýraga laýyk görülýär.



Degişli Habarlar