Taryhda 27-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1153185
Taryhda 27-nji fewral

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 27-nji fewraly… Taryhyň şu güni başlaýar…

1863-nji ýylyň 27-nji fewraly… Türkiýede ilkinji surat sergisi Stambulyň Aýmeýdanynda açylýar. Serginiň açylmagyna Soltan Abdulaziz  goldaw berýär.

19-njy asyryň ortalarynda bütin dünýäde sergileriň geçirilmegi däbe öwrülýär. Günbatarda ýygy-ýygydan geçirilen sergiler Osman imperiýasynda hem gyzyklanma döredýär. Osman Soltany Abdulmejit Londonda we Parižde geçirilen sergilere ganaşýar. Abdulmejidiň aradan çykmagyndan soň tagta geçen Abdulaziz medeni çärelere bolan gyzyklanmasy sebäpli Osman döwletinde şeýle serginiň geçirilmegini isleýär.

1879-nji ýylyň 27-nji fewraly… Amerikaly himik Konstantin Fahlberg “sakarin” atly emeli maddany oýlap tapýar. Häzirki wagtda süýji keselliler bilen derman we azyk senagatynda köp sanly önümde peýdalanylýan “sakarin” bir ýalňyşlygyň netijesinde tapylýar.

1914-nji ýylyň 27-nji fewraly… Türk awiasiýa pudagy ilkinji şehidini berýär. Uçarman Fethi we Sadyk beýleriň sürýän Muaweneti Milliýe atly  uçary Stambul-Kair saparyna başlaýar. Konýa, Ulukyşla, Adana, Humus we Damask arkaly Kaire gidýän howa liniýasyndaky ýolagçylyk Damaska çenli dowam edýär. Emma Damaskyň Tabariýa etrabynyň golaýynda howa akymyna duçar bolunýar we gaýalara urlup, ýere gaçýar. Fethi we Sadyk beý şehit bolýar.

1947-nji ýylyň 27-nji fewraly… “Amjabeý”, “Efruz Beý”, “Dalkawuk”, “Ak bilen Gara”, “Täze baý” ýaly obrazlaryň awtory, türk karrikaturasyyň ussat wekili Nadir Güler aradan çykýar.


Etiketkalar: #awtor , #karikatura , #uçarman

Degişli Habarlar