Taryhda 26-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1153181
Taryhda 26-nji fewral

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 26-nji fewraly… Taryhyň şu güni başlaýar…

1925-nji ýylyň 26-nji fewraly… “Temmäki rejimi” bes edilýär… Krym urşundan soň dargamaga başlan Osman impieriýasy karzlaryny töläp bilmejekdigini yglan edýär. Şondan soň karzlarynyň öwezinde ýygnalýan salgytlary ýerinde toplamak üçin üç sany daşary ýurt banky aralarynda topar döredýär. “Rejim” atlandyrylan şol topar ýurtda öndürilýän temmäkini öz kesgitlän nyrhyndan almaga başlaýar. Obalylar öz çekjek temmäkisinem alyp bilmeýärdi. Temmäki ýaly duzdan we kofeden alynýan salgytlar hem şol topar tarapyndan ýygnalýardy. 42 ýyl dowam eden bu düzgüniň dowamynda 20 müňe golaý adamyň pida bolandygy çaklanylýar. Gurlan ýaş Türkiýe Respublikasyny monopoliýany bes etmek üçin ilki bilen 1925-nji ýylyň 26-njy fewralynda “Temmäki rejimini” ýatyrýar, 1-nji martda bolsa ony satyn alýar.

1985-nji ýylyň 26-nji fewraly… Türk kinosynyň belli aktýorlaryndan Taryk Akan 35-nji Berlin Film festiwalynda Emin agzanyň ýörite baýragyna laýyk görülýär.

1992-nji ýylyň 26-nji fewraly… Azerbaýjanyň Hojaly etrabyna gelen ýaragly ermeni toparlary 613 sany azerbaýjanlyny öldürýär. Taryha “Hojaly gyrgynçylygy” ady bilen geçen waka, Azerbaýjanyň Daglyk Garabag Awtanomiýasynyň Ermenistana birikdirilmegini isleýan ermeniler bilen oňa garşy duran türkleriň arasynda dowam edýän “Garabag urşunyň” dowamynda başdan geçirilýär.

Adam hukuklary guramalary Hojaly gyrgynçylygyny Daglyk Garabagyň basylyp alynmagyndan soň guralan iň agyr gyrgynçylyk hökmünde häsýetlendirdiler. Hüjümde 106 sanysy zenan, 83 sanysy çaga jemi 613 azerbaýjanly türk pida bolýar.

2004-nji ýylyň 26-nji fewraly… Makedoniýanyň Prezidenti Biris Traýkowski bilen ýanyndaky 8 adam özlerini alyp barýan uçaryň Bosniýa-Gersogowinanyň Mostar şäheriniň golaýynda ýere gaçmagy sebäpli aradan çykýar.



Degişli Habarlar