Taryhda 24-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1151166
Taryhda 24-nji fewral

 

 

 

Taryhda 24-nji fewral

Şu gün 2019-njy ýylyň 24-nji fewraly… Taryhyň şu güni başlaýar…

1793-nji ýylyň 24-nji fewraly Ýewropa ülňülerine laýyk gelýän “Nizamy Jedit” goşuny döredilýär. Ýeniçeri ojagynyň ýeterlik bolmandygy we döwletde ýüze çykýan kynçylyklar sebäpli Soltan Selim 3-nji tarapyndan Nyzamy Jedit atly täze goşunyň döredilmegi üçin işe girişilýär.

1910-nji ýylyň 24-nji fewraly… Meşhur suratkeş, arheolog, muzeýçi we Stambulyň Kadyköý etrabynyň ilkinji häkimi Osman Hamdi aradan çykýar.

1942-nji ýylyň 24-nji fewraly… Ýehudileri Palestina alyp giden Sturma gämisi ruslar tarapyndan hatardan çykarylýar. Rumyniýanyň Konstanta portundan ýola düşen we Palestina gitmek isleýän ýehudileri alyp barýan Sturma gämisi Gara deňizde partlama sebäpli deňiz batýar.

1955-nji ýylyň 24-nji fewraly… Bagdat Pakty döredilýär. Türkiýäniň, Yragyň, Pakistanyň we Eýranyň arasynda Bagdat Pakty döredilýär. SENTO atlandyrylan pakt 1979-njy ýyla çenli dowam edýär.

1977-nji ýylyň 24-nji fewraly Türk fizigi Prof.Dr. Feza Görseý “Oppenhimer” baýragyna we Aýnştaýn baýragyna laýyk görülýär.

1991-nji ýylyň 24-nji fewraly 1-nji Aýlag urşunda guryýer operasiýasy başlaýar. Yragyň Kuweýdi basyp alandygy sebäpli başlan 1-nji Aýlag urşunda Yraga garşy howa operasiýasyndan soň 24-nji fewralda hyzmatdaş güýçler tarapyndan Yraga guryýerden hüjümler başlaýar.


Etiketkalar: #suratkeş , #goşun , #operasiýa

Degişli Habarlar