Taryhda 22-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1150407
Taryhda 22-nji fewral

 

Taryhda 22-nji fewral

Şu gün 2019-njy ýylyň 22-nji fewraly… Taryhyň şu güni başlaýar…

1819-njy ýylyň ýylyň 22-nji fewraly… Ispaniýa Floridany ABŞ-na 5 million dollara satýar.

1848-nji ýylyň ýylyň 22-nji fewraly…  Parižde zähmetkeşler aýaga galýarlar. Iki ýylyň dowamynda Ýewropany dartgynlaşdyran zähmetkeşleriň ynkylaplary başlaýar. Fransiýadan başlap gysga möhletde bütin Ýewropany gurşan alan 1848-nji ýyldaky ynkylap ýer reformasynyň gijä galmagy, ekerançylygyň aşaklamagy we buržuaziýanyň has-da baýlaşmagy sebäpli Ýewropadaky zähmetkeşleriň reaksiýasy görnüşinde başlaýar. Köp sanly ýurtda dolanşyklaryň çalyşmagyna sebäp bolan ynkylap Fransiýada “Ikinji Respublikanyň” gurulmagyna sebäp bolýar.

1933-nji ýylyň 22-nji fewraly… Wagon-Li wakasy… Wagon-Li wakasy 1933-nji ýylda Wagon-Li firmasynyň müdüriniň türk dilinde geplän gullukçysy Naji Beýe firmanyň resmi diliniň fransuzçadygyny beýan edip, pul we işden çetleşdirilme jezalaryny bermegi sebäpli başlan wakalardyr. Wakanyň gazetlerde çap edilmeginden soň Peýami Sefa, Jahit Arf ýaly tanymal adamlar bilen bilelikde talyplar, jemlenşip, firmanyň Beýoglundaky ofisiniň öňünde protest aksiýasyny geçiýär, waka ulalýar. Firma ýüze çykan wakalar sebäpli Naji Beýi işe başladýar, azlyklaryň we gaýry muslimleriň köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan Perada ýerleşýän daşary ýurt firmalary atlaryny türkçeleşdirýär we ýaňadandan “Watandaş türk dilinde gepleş” kampaniýasy başladylýar.

1944-nji ýylyň 22-nji fewraly… ABŞ-nyň harby uçarlary Gollandiýanyň Nijimegen, Arnhem, Ençede we Dewenteri ýalňyşlyk bilen bombalaýar, diňe Nijmegende 800 adam pida bolýar.

1962-nji ýylyň 22-nji fewraly… 22 fewral pitnesi… Ankarada Harby mekdebiň Serkerdesi ofiser Talat Aýdemir we egindeşleri hökümeti agdarmak isleýärler, emma synanşyk basylyp ýatyrylýar. Waka gatnaşan ofiserler hormatly dynç alyşa çykarylýar. Hökümet söz berişi ýaly huntaçylaryň günäsini geçdi.



Degişli Habarlar