Taryhda 21-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1149602
Taryhda 21-nji fewral

 

Taryhda 21-nji fewral

 Taryhyň şu güni başlaýar…

1885-nji 21-nji fewraly… Waşington ýadygärligi gurlup gutarylýar. Waşington ýadygärliginiň uzynlygy 169,35 metre barabar we dünýäniň iň beýik ýadygärligi derejesine eýe. Ýurduň esaslandyryjysy Jorj Waşingtonyň hormatyna gurdurylýar.

1935-nji 21-nji fewraly… Fransuz missionerleriniň dolandyrýan käbir mekdepleri millileşdirilýär.

1952-nji 21-nji fewraly… Türkiýe Demirgazyk Atlantik Alýansy guramasyna agza bolýar we Lissabonda geçirilen maslahata gatnaşýar.

1953-nji 21-nji fewraly… DNK-nyň molekul gurluşy çözülýär. Iňlis biology Frankis Krik we Jeýms Watson DNK molekulesynyň gurluşyny çözýärler. Şol üstünliklik sebäpli 1962-nji ýylda Fiziologiýa we lukmançylyk baýragyna laýyk görülýärler.

1958-nji 21-nji fewraly… Türkiýänin Hünärmen futbol ligasy başlaýar. Ilkinji bäsleşik Izmirspor-Beýkoz komandalarynyň arasynda oýnalýar.

1965-nji 21-nji fewraly… Amerikada musulman negrlerinin hereketiniň liderlerinden Malkolm X ady bilen tanalýan Malik Al Şahbaz Nýu-Ýorkdaky banket zallaryndan birinde çykyş edýärkä janyna kast edilip öldürilýär.

2001-nji 21-nji fewraly… Türk jemgyýetçiliginde “Gara çarşenbe” atlandyrylýan agyr ykdysady çökgünlik ýüze çykýar.

2007-nji 21-nji fewraly… Amerikaly astronomlar ilkinji gezek güneş ýaly ýyldyzyň daşyndan aýlanýan orbitanyň atmosferasynyň düzümini analiz etdiler.



Degişli Habarlar