Taryhda 15-nji fewral

Taryhyň şu güni

Taryhda 15-nji fewral

Taryhyň Şu Güni 15.02.2019

 

Taryhda 15-nji fewral

Taryhyň şu güni başlaýar…

Biziň eýýamymyzdan ozalky 399-njy ýylyň 15-nji fewraly… Ahlak pelsepesiniň esaslandyryjysy Sokrat grek taňrylaryna garşy durýandygy sebäpli ölüme höküm edilýär.

Pespälligi, ahlak we adamkärçilik taýdan saplygy hem-de pelsepede başga zat bilen gyzyklanmaýandygy bilinýän Sokrat talyby Platonyň başda durmagynda grek ýaşlarynda uly täsir galdyrýar. Hatda ýaşlar Sokrat ýaly aýak ýalaňaç gezip, saçlaryny ösdürip, açlyk çekip Sokrata meňzeýäris öýdýärdiler.

1914-nji 15-nji fewraly… Meşhur gazak aktýory we rejisýor Şaken Aýmanow dünýä inýär. 1933-nji ýylda Almatyda Gazak Drama teatrynda aktýorlyga başlaýar. 1947-nji ýyldan 1951-nji ýyla çenli Gazak teatrynda režisýorlyk edýär. “Gazak Film” kino studiosynyň esaslandyryjylaryndan biri bolan Aýmanow esasan günbataryň klassiki edebiýatynyň gahrymanlarynyň rollaryny ýerine ýetirýär.

1989-nji 15-nji fewraly… Sowet Soýuzynyň Owganystanda 9 ýyl dowam eden basybalyşy soňky harby bölümleriň yza çekilmegi bilen bes edilýär. Owganystandaky kommunistik hökümetiň owgan mujahitlerine garşy Sowet goşunlaryny ýurda çagyrmagy bilen başlan döwürde 15 müňe golaý sowet esgeri we 1 milliona barabar owgan raýaty aradan çykýar.


Etiketkalar: aktýor , kino sungady , owgan , pelsepe

Degişli Habarlar