Taryhda 12-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1143282
Taryhda 12-nji fewral

 

 

Taryhda 12-nji fewral

Taryhyň şu güni başlaýar…

1912-nji ýylyň 12-nji fewraly… Hytaýyň 6 ýaşly imperatory Puýi tagdatdan agdarylýar. Şeýlelik bilen iki müň ýyllyk Hytaý imperiýasy we 267 ýyl dowam eden Mançu dinastiýasy synýar.

1914-nji ýylyň 12-nji fewraly… Türkiýede uçar bilen ilkinji awia poçta amala aşyrylýar. Uçarman ýüzbaşy İsmail Hakkynyň süren uçary ilkinji poçtany Lewke bilen Bilejigin arasynda gatnadýar.

1934-nji ýylyň 12-nji fewraly… “Serweti Fünun” döwrüniň şahyrlaryndan, ýazyjy Jenap Şahabettin beýnisine gan inmegi sebäpli aradan çykýar.

2002-nji ýylyň 12-nji fewraly…Ozalky Ýugoslawiýanyň Prezidenti Slobodan Milosewiçiň kazyýet işi BMG-niň Harby jenaýatlar kazyýetinde başlaýar. Bosniýa urşunda eden gyrgynçylyklary we gumanitar jenaýatlary sebäpli jenaýat işine çekilen Milosewiç kazyýet işi gutarmanka ölýär.


Etiketkalar: #şahyr , #uçarman , #imperiýa

Degişli Habarlar