Taryhda 6-njy fewral

Taryhyň şu güni başlaýar…

1139643
Taryhda 6-njy fewral

 

 

Taryhda 6-njy fewral

Taryhyň şu güni başlaýar…

1928-nji ýylyň ýylyň 6-njy fewraly… Türkiýäniň konstitutsiýasyndan döwletiň dininiň yslamdygyny beýan edýän maddasynçykarylyp, dünýewilik kadasyna laýyk karar kabul edilýär.

1952-nji ýylyň 6-njy fewraly… Ýelizabeta 2-nji kakasynyň aradan çykmagyndan soň Britaniýanyň II şa aýaly bolýar. Ýelizabeta II İňliz milletler jemgyýetine agza 53 ýurduň 16-synyň şasy, şol bir wagtda Jemgyýetiň başlygy we Britan Ýokary buthanasynyň ýokary gubernatory. Dünýäniň henizem höküm sürýän iň ýaşuly we Britaniýanyň iň uzak ömürli hökümdary.

1958-nji ýylyň 6-njy fewraly… Meşhur iňlis futbol komandasy Mançester Ýunaýtediň futbolçylaryny alyp barýan uçar Mýunheniň howa menzilinde ýere gaçýar. 22 adamyň ýogalan heläkçiliginde Mançester Ýunaýtediň 8 futboçysy pida bolýar.

1959-njy ýylyň 6-njy fewraly…Floridadaky Kep Kanaweral kosmos bazasynda “Titan” materikara ballistiki raketasynyň ilkinji synagy üstünlik bilen amala aşyrylýar.

1960-njy ýylyň 6-njy fewraly… Klassiki türk sazynyň meşhur kompozitory Selahattin Pynar Stambulda aradan çykýar.



Degişli Habarlar