Taryhda 5-nji fewral

Taryhyň şu güni başlaýar…

1138783
Taryhda 5-nji fewral

 

 

Taryhda 5-nji fewral

Taryhyň şu güni başlaýar…

1869-njy ýylyň 5-nji fewraly… Agramy 78 kilogram we 91 göterim sap altyndan ýasalan “Hoş geldiň daşary ýurtly” atlandyrylýan dünýäniň iň uly altyn slitkasy  Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatynda ýeriň aşagyndan çykarylýar.

1924-nji ýylyň 5-nji fewraly… Grinwiç obserwatoriýasyny her sagatda bildiriş bermäge başlaýar.

1937-nji ýylyň 5-nji fewraly… Konstitutsiýanyň 2-nji maddasyna girizilen üýgetme bilen 6 ýörelge konstitutsiýanyň tekstine goşulýar. Şol özgertmäge laýyklykda Türkiýe Döwleti respublikaçy, milletçi, halkçy, döwletçi, dünýewi we ynkylapçy. Resmi dili türkçe. Paýtagty Ankara şäheri.

1971-nji ýylyň 5-nji fewraly… Apollo 14 aýyň üstüne gonýar.

1975-nji ýylyň 5-nji fewraly… ABŞ-nyň Kongresiniň 1974-nji ýylyň 11-nji dekabrynda kabul eden Türkiýä ýarag embargosyny goýmak baradaky karary güýje girýär. Embargonyň sebäbi Türkiýäniň 1974-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda Kipre harby operasiýa guramagy.

1994-nji ýylyň ýylyň 5-nji fewraly…Bosniýa urşunda Markala bazarynda bomba ýarylýar, 68 adam pida bolýar, 144 adam ýaralanýar.

1998-nji ýylyň 5-nji fewraly… 2007-nji ýylyň ahyrlarynda meşhur gözleg ulgamy bolan Google Stanfordda doktoranturada okaýan talyplar Larri Peýj we Sergeý Brin tarapyndan açylýar.



Degişli Habarlar