Taryhda 4-nji fewral

Taryhyň şu güni başlaýar…

1138140
Taryhda 4-nji fewral

 

 

Taryhda 4-nji fewral

 

1783-nji ýylyň 4-nji fewraly… Amerikanyň Garaşsyzlyk urşy: Britaniýa ABŞ bilen bolan duşmançylygyny bes edendigini resmi taýdan yglan edýär.

1789-njy ýylyň 4-nji fewraly… Jorj Waşington ABŞ-nyň ilkinji prezidentligine saýlanýar. Waşington 1792-nji ýylda ikinji döwür üçin prezidentlige saýlanýar.

1794-nji ýylyň 4-nji fewraly… Fransiýa koloniýalarynda gulçulygy gadagan edýär. Fransiýa 18-nji asyrda Demirgazyk Amerika ştatlarynyň gulçulyga garşy goýan çäklendirmelerinden ugur alyp, ähli koloniýalarynda gulçulygy gadagan edýär. Emma ol uzak dowam etmeýär. 1802-nji ýylda Napolýon Bonapart gulçulygy ýaňadandan getirmek hakynda karar çykarýar.

1871-nji ýylyň 4-nji fewraly… Şeýh Şamil aradan çykýar. Kawkaz halklarynyň batyrgaýlygy bilen tanalýan gahrymany Şeýh Şamil, haj parzasyny berjaý etmek üçin Arabasytana gidip, şol ýerde aradan çykýar. Şeýh Şamil Kawkaz halklarynyň Russiýa garşy azatlyk göreşine öňbaşçylyk edýär.

1945-nji ýylyň 4-nji fewraly… Ýalta konferensiýasy geçirilýär. Sowet Soýuzynyň Ýalta şäherinde ABŞ-nyň, Russiýanyň we Britaniýanyň liderleri maslahat geçirýär. 2-nji Jahan urşy dowam edýärkä geçirilen maslahatda uruşdan soň Germaniýanyň ýeňilmegi bilen ýüze çykjak täze şertler seljerilýär. Germaniýanyň uruşdan soň basylyp alynmagy, nasizmiň ortadan aýrylmagy we nemes goşunlarynyň dargadylmagy barada netijä gelinýär.

1957-nji ýylyň ýylyň 4-nji fewraly… Ilkinji atom deňiz asty gämisi bolan USS Nautilus suwuň astynda 60,000 deňiz milini geçip, Jules Wernäniň meşhur “Deňizler astynda 20,000 Parsah” atly romanyndaky hyýaly Nautilus deňiz asty gämisiniň çydamlylygy hakykat bolýar.

2004-nji ýylyň 4-nji fewraly… Facebook Garward uniwersitetiniň talyby Mark Zukerberg tarapyndan açylýar. Facebook häzirki wagtda dünýäniň iň bir köp ulanylýan saýtlaryndan biri.



Degişli Habarlar