Taryhda 3-nji fewral

Taryhyň şu güni

1137224
Taryhda 3-nji fewral

Taryhda 3-nji fewral

 

Osmanly Türkmen döwletiniň 6-njy Soltany I Mehmediň ogly, Fatih Soltan Mehmediň kakasy II Myrat Edirnede ýogaldy. Kakasynyň aw-awlaýarka tötänleýin ýogalmagyndan soň 1421-nji ýylda ýaňy bir 17 ýaşynda mahaly tagta geçen II Myrat, goşuny bilen bilelikde ençeme ýeňiş gazandy. 1444-nji ýylyň awgust aýynda entek dirikä, hökümdarlykdan el çekip Allanyň dergähine çykjakdygyny aýdyp, ogly II Mehmediň tagta geçjekdigini yglan etdi. Emma ol Wenger goşunynyň Dunaý derýasyny geçip, Osmanly Türkmen döwletiniň territoriýasyna tarap ýol alan mahaly ýaňadandan tagtyň başyna geçmäge mejbur galdy. Ogly II Mehmet: “Eger sen Soltan bolýan bolsaň gelip goşunyň başyna geç, men Soltan bolýan bolsam onda saňa goşunyň serkerdeligine geçmegiňi buýurýaryn” permany bilen ýaňadandan tagta geçen II Myrat, 1451-nji ýylda Soltanlygy ikinji gezek ogly II Mehmede berip, dynç alyşa çykdy we şol ýyl 3-nji ferwalda aradan çykdy. 21 ýaşynda tagta geçen II Mehmet bolsa 1453-nji ýylda Stambuly basyp alyp, adyny Fatih Soltan Mehmet ady bilen uly harplar bilen taryha ýazdyrdy. 

 

1899-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türk teatrynyň ilkinji ýazyjylaryndan, Molierden ylham alyp ýazan Aýýar Hamza atly oýuny bilen meşhurlyk gazanan Ali Beg aradan çykdy. Kiçi ýaşlarynda fransuz dilini öwrenen, entek 10-15 ýaşlarynda mahaly terjime etmäge başlan, ondan soň bolsa biri-birinden tapawutly wezipelerde işlän Ali Beg, 1894-nji ýylda Düýuny Umumiýe edarasyna müdir edip bellendi. Şol sebäpli Müdir lakamy bilen tanalan Ali beg, başda teatr bolmak bilen ýumor we syýahat edebiýaty ugurlarynda ençeme eser ýazdy. Ýumor ugrunda žurnallarda makalalar ýazan Ali Beg, Tanzimat döwründen soňky ýyllarda bolsa Türk teatrynyň esaslandyrylmagynda uly işler etdi.

 

Gündogaryň Ýyldyzy we Müsüriň 4-nji Piramidasy hökmünde hem tanalan müsürli sungat işgäri Ümmü Gülsüm, 1975-nji ýylyň 3-nji ferwalynda ýogaldy. 20-nji asyryň başynda dogulan, ähli wagtlaryň iň owadan sesli sungat işgäri hökmünde kabul edilen Ümmü Gülsüm, gyzlaryň aýdym aýtmaklary ol mahallar jemgyýetde erbet görülýändigi sebäpli ilki başlarda erkek adamlaryň egin-eşiklerini geýip, aýdym-saz sungada gadam basdy. Ondan soň ses bilen bagly ders alan Gülsüm, Müsür köşgünde aýdym aýdyp biljek derejede meşhurlyk gazandy. Gazanan takmynan 2,5 million sterlingi, gymmat bahaly şaý-sepleri bilen bilelikde Müsüriň hökümetine bagyşlamagy, halkyň ýüregindäki ýerini has hem mäkämleşdirdi. Ýogalan mahaly bolsa 4,5 million adam jynazasyna gatnaşdy. Bu san bolsa Müsüriň döwlet baştutany Jemal Abdulnasyryň jynazasyna gatnaşan adamlardan hem köpdi.



Degişli Habarlar