Taryhda 1-nji fewral

Taryhyň şu güni

1137207
Taryhda 1-nji fewral

Taryhda 1-nji fewral

 

1979-njy ýylyň 1-nji fewralynda Eýranyň Yslam ynkylabynyň dini lideri Aýetullah Humeýni sürgünde bolan ýeri bolan Fransiýadan Eýrana gaýdyp geldi. Aýetullah Humeýni ençeme ýyllyk sürgünden soň, Eýranda uly dabara bilen garşylandy. Aýetullah Humeýni syýasy ideologiýalary sebäpli 1964-nji ýylda sürgün edilipdi we sürgüniň ilkinji ýyllarynda Türkiýäniň Bursa welaýatynda galypdy. Eýranda Şa Muhammed Ryza Pehlewi häkimiýetini agdaryp, Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyran we ynkylapdan soň ähli dini ygtyýary öz gözegçiligi astyna alan Şaýy lider Aýetullah Humeýni, soňky 10 ýylyň dowamynda hem Ynkylaba baştutanlyk etdi.

 

1988-1989-njy ýyllaryň futbol möwsüminde Türkiýäniň Birinji ligasynda salan 39 goly bilen Ýewropanyň “Gol Şasy” adyna eýe bolan Galatasaraý futbol komandasynyň futbolçysy Tanžu Çolak, 1-nji fewralda Monte Karloda geçirilen dabara bilen “Altyn Aýakgap” sylagyna laýyk görüldi. Tanžu Çolak “Altyn Aýakgap” sylagyna laýyk görülen ilkinji türk futbolçysy boldy. Futbol karýerasyna Samsun Ýolsport futbol komandasynda başlan Tanžu Çolak, Fenerbahçe we Galatasaraý futbol komandalarynyň düzüminde 5 gezek Türkiýäniň Futbol ligasynyň “Gol Şasy” adyna eýe boldy. 240 goly bilen Türkiýede iň köp gol salan 2-nji futbolçy adyna eýe bolan Tanžu Çolak, 31 gezek hem Türkiýäniň Milli ýygyndysynyň düzüminde oýnady.

 

Türkiýede sazyň Rok görnüşiniň öňbaşçylaryndan bolan, Anadoly Rok görnüşiniň esaslandyryjylaryndan biri hasaplanýan Baryş Manço, 1999-njy ýylyň 1-nji fewralynda öýünde ýüreginden tutmagy netijesinde, alynyp gidilen hassahanada ýogaldy. Ýerine ýetiren 200-den gowrak aýdymy bilen 12 altyn we 1 sany platina we kasseta sylagyna eýe boldy. Bu aýdymlaryň käbirleri belli bir wagtdan soň arap, bolgar, niderland, nemes, fransuz, iwrit, iňlis, ýapon we grek dillerine terjime edildi we ýerine ýetirildi. Taýarlan gepleşikleri bilen dünýäniň ençeme ýurduna syýahat etdi we şol sebäpli oňa “Baryş Çelebi” diýip at dakyldy.



Degişli Habarlar