Taryhda 25-nji ýanwar

Taryhyň şu güni

1132834
Taryhda 25-nji ýanwar

 

 

Taryhda 25-nji ýanwar

1072-nji ýylyň 25-nji ýanwary… Diwany Lugatit Türk, türk medeniýetiniň türk dilindäki ilkinji sözlügi Mahmyt Kaşgary tarapyndan ýazylmaga başlanýar. Diwany Lugatit Türk 1074-nji ýylyň 10-njy fewralynda ýazylyp gutarylýar.

1365-nji ýylyň 25-nji ýanwary… Serp syndygy söweşinde Haçparaz arkalaşygyna garşy Osman döwleti üstün çykýar.

Serp syndygy söweşi 1364-nji ýylda 20 müň serp, wenger, bolgar we eflak esgerinden ybrat bolan Haçparaz arkalaşygynyň Osman döwletini Balkan sebitinden çykarmak üçin başladan söweşi.

1881-nji ýylyň 25-nji ýanwary… Tomas Edison we Aleksandr Graham “Bell” telefon firmasyny döredýär. Ilkinji materikara telefon aragatnaşygy ýola goýulýar.

1918-nji ýylyň 25-nji ýanwary… Russiýa, SSR-i yglan edýär. 1917-nji ýyldaky fewral rewolýusiýasy bilen Rus imperiýasy synýar.

1919-njy ýylyň 25-nji ýanwary… 1-nji Jahan urşunyň bes edilmegi baradaky ylalaşyga Pariž parahatçylyk maslahatynda halkara parahatçylygy we howpsyzlygy üpjün etjek Milletler Jemgyýetiniň döredilmegine karar berilýär.

2006-njy ýylyň ýylyň 25-nji ýanwary… Dünýäniň globallaşma garşy esasy aksiýalaryndan biri bolan alternatiw globallaşma hereketiniň tarapdarlarynyň dünýäde guraljak kampaniýalaryny guramak, strategiýalaryny kesgitlemek we dünýädäki hereket barada biri-birine habar bermek üçin her ýyl geçirýän Bütindünýä Sosial Forumy Wenesuellada öz işine başlaýar.



Degişli Habarlar