Taryhda 24-nji ýanwar

Taryhyň şu güni

1132152
Taryhda 24-nji ýanwar

Taryhda 24-nji ýanwar

1946-njy ýylyň 24-nji ýanwary… BMG Halkara Atom Energiýasy Toparyny döredýär. BMG-niň Baş Assambleýasy Londonda geçiren ilkinji maslahatynda ABŞ, Britaniýa we Russiýa, Kanada, Fransiýa we Hytaý bilen bilelikde” BMG-niň Atom Energiýasy Toparynyň” döredilmegini teklip etdiler. Teklip kabul edilýär we Howpsyzlyk Geňeşine agza 11 ýurt bilen bilelikde Kanada toparyny döredýär.

1993-nji ýylyň ýylyň 24-nji ýanwary… žurnalist-ýazyjy Ugur Mumju Ankarada öýüniň öňünde ulagyna goýulan bombanyň partladylmagy sebäpli aradan çykýar. 26 ýyl geçendigine garamazdan jenaýatyň üssi henizem açylmady.

1994-nji ýylyň 24-nji ýanwary… Türkiýäniň ilkinji aragatnaşyk hemrasy Türksat 1A uçurylandan 12 minut 12 sekunt soň okeana gaçýar.

2001-nji ýylyň 24-nji ýanwary…Diýarbakyr welaýatynyň Içeri işler bölüminiň müdiri Gaffar Okkan 4 janpenasy we sürüjisi sezewar bolan ýaragly hüjümlerinde öldürilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda PKK we Hizbullaha garşy göreşen Içeri işler müdiri Gaffar Okkan Hizbullahyň dargadylmagyna uly goşant goşýar.

2004-nji ýylyň ýylyň 24-nji ýanwary… NASA-nyň Opportuniti atly ulagy, taýy Spiritden iki hepde soň Marsa gonýar. Marsy öwreniş ulagy B ýa-da “MER-B” atlandyrylýan Opportuniti NASA-nyň Marsy öwreniş maksatnamasyna laýyklykda 2003-nji ýylyň 7-nji iýulynda älem giňişligine uçulýar we 2004-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Marsda Meridiani Planum platosyna gonýar.

 



Degişli Habarlar