Taryhda 23-nji ýanwar

Taryhyň şu güni

1131029
Taryhda 23-nji ýanwar

Taryhyň şu güni 

 

Taryhda 23-nji ýanwar

1556-njy ýylyň 23-nji ýanwary… Taryhda iň köp adam pidasyna sebäp bolan ýer titremesi Hytaýyň Şanhi welaýatynda başdan geçirilýär. 830 müňe golaý adam ýogalýar.

1849-njy ýylyň 23-nji ýanwary… Ýelizabeta Blekwell ABŞ-da lukmançylyk diplomyny alyp, dünýäde lukmançylyk diplomyny alan ilkinji zenan derejesine eýe bolýar.

1896-njy ýylyň 23-nji ýanwary… Fizik Wilhem Konrad Rontgen öz adyny göterýän enjamy oýlap tapýar. 1912-nji ýyla çenli fiziki düşündirişi doly berilmedik hem bolsa, şol açyş hem fizikada hem-de lukmançylykda uly tolgunma döredýär. Köp sanly alym şol açyşy döwrebap fizikanyň başlangyjy hökmünde kabul edýär.

1973-nji ýylyň 23-nji ýanwary… Wiýetnamda hüjümler bes edilýär. 1955-nji ýylda başlap, 1973-nji ýylda gutaran Demirgazyk we Günorta Wiýetnam arasyndaky Wiýetnam urşy 20-nji asyryň ikinji ýarymynyň iň bir pajygaly harby çaknyşygy hasaplanylýar.

1922-nji ýylyň 23-nji ýanwary…. Stambulda iki köçä Piýer Loti we Dlodfaer atlary dakylýar. Fransuz ýazyjysy Piýer Loti Stambulda ýaşan ýyllarynda Eýup etrabynda ýerleşýärdi. Stambuly diýseň gowy görýän Piýer Loti özüni elmydama türk dosty hökmünde häsýetlendirdi. Fransuz ýazyjysy Klaude Farrer türk dosty bolmagy bilen tanalýar we Azat edijilik söweşi ýyllaryndaky makalalary bilen Milli göreşe goldaw berýär.

 



Degişli Habarlar