Taryhda 22-nji ýanwar

Taryhyň şu güni

1130232
Taryhda 22-nji ýanwar

Taryhyň şu güni 

 

Taryhda 22-nji ýanwar

1517-nji ýylyň 22-nji ýanwary… Selim 1-njiniň serkerdelik edýän Osman goşuny Ridaniýe urşundan Mamluk goşunlaryny ýeňýär. Şol ýeňiş bilen Mamuk döwleti ýykylýar we territoriýasy Osman häkimiýetine degişli bolýar. Mamluk döwleti ýykylandan soň Osman döwleti Müsürde hökmürowan bolýar we Halyflyk Osman hökümdaryna geçýär. Müsürdäki mukaddes amanatlar Stambula getirilýär. Osman döwleti Ýewropanyň iň güýçli döwletine öwrülýär.

1905-nji ýylyň 22-nji ýanwary… 1-nji Rus ynkylaby başlaýar. Patyşanyň harby güýçleriniň gyşky köşküne arza bermek üçin ýöriş guran zähmetkeşlere od açmagy we 500 işçini öldürmegi sebäpli pitne turýar. Şol gün taryha “Ganly ýekşenbe” hökmünde geçýär. Waka Sowet ynkylabynyň başlangyjy hökmünde kabul edilýär.

1939-njy ýylyň 22-nji ýanwary… Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary uran atomuny böleklemegiň hötdesinden gelýär.

1989-njy ýylyň 22-nji ýanwary… Sowet Soýuzynda ilkinji gezek “Halkara gözellik bäsleşigi” geçirilýär. Bäsleşikde Türkiýä wekilçilik eden Meltem Hakarar birinji orny eýeleýär.

 



Degişli Habarlar