Taryhda 21-nji ýanwar

Taryhyň şu güni

1129995
Taryhda 21-nji ýanwar

Taryhyň şu güni 

 

Taryhda 21-nji ýanwar

1522-nji ýylyň 21-nji ýanwary… Egeý deňizindäki 12 adanyň iň ulusy bolan Rodos Osman deňiz floty tarapyndan zabt edilýär. Ada 400 ýyla golaý Osman imperiýasynyň häkimiýetinde bolýar.

1793-nji ýylyň 21-nji ýanwary… Fransiýanyň Şasy Luis 16-njy giotin bilen öldürilýär. Kazytet işine çekilip, öldürilen ýeke-täk fransuz şasy bolan Luis watana dönüklik etmekde günäli diýlip tapylypdy.

1951-nji ýylyň 21-nji ýanwary… 1950-1953-nji ýyllaryň arasynda bolan Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasyndaky söweşe ugradylan türk esgerlerinden ilkinji ýarawsyzlar we ýaralylar topary Ankara getirilýär.

1954-nji ýylyň 21-nji ýanwary… Ilkinji atom deňiz asty gämisi Nautilus ABŞ-nyň Konnektikutda deňize düşürilýär.

2012-nji ýylyň 21-nji ýanwary…. Türkiýede ilkinji ýüz göçüriş operasiýa edilýär.

Türk hirurgy Ömer Özkan we topary dünýäniň ilkinji üstünlikli doly ýüz göçüriş operasiýasyny Antalýadaky Akdeniz uniwersitetiniň hassahanasynda amala aşyrýar.


Etiketkalar: #hirur , #Fransiýa , #zabt etmek

Degişli Habarlar