Taryhda 20-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1128418
Taryhda 20-nji ýanwar

 

 

Taryhda 20-nji ýanwar

Taryhyň şu güni başlaýar…

1-nji Jahan urşy sebäpli dargan Osman imperiýasyndan soň M.K.Atatürkiň öňbaşçylygynda garaşsyzlyk göreşine başlan türkler ilki Ankarada Mejlis açýar. 1923-nji ýylyň 23-nji aprelinde açylan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi 1921-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda ilkinji konstitutsiýasyny kabul edýär.

1990-njy ýylyň 20-nji ýanwary… Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda ýanwar gyrgynçylygy bolýar. Ermenileriň ýer talaplaryny protest etmek üçin 13-nji ýanwarda başlan; azeriler bilen ermenileriň arasynda Bakuwda dowam eden çaknyşyklaryň öňüni almak maksady bilen 19-njy ýanwardan 20-nji ýanwara geçilýän gije Sowet goşunlary Bakuwa gelip, ýüzlerçe azerbaýjanlyny gyrdy. 20-nji ýanwar Azerbaýjanda “şehitler güni” hökmünde bellenilip geçilýär.

Palestina, Ysraýyla degişli ýerler bilen Gaza Sektoryny we Günbatar Şerianyň ýerleşýän ýeriniň ady. Ýehudiler, hristiýanlar we musulman üçin mukaddes hasaplanylýan şol ýerler 20-nji asyryň başyndan bäri araplar bilen ýehudileriň arasynda pajygaly çaknyşyklara sebäp boldy. Ýaser Arafat tarapyndan döredilen Palestinanyň azat edijilik guramasynda uzak ýyllardan bäri garaşsyzlyk ugrundan göreşýän palestinalylar 1988-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Alžirde garaşsyzlygyny yglan edýär. 1996-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda bolsa Palestinada ilkinji gezek prezident saýlawy geçirilýär we Ýaser Arafat ilkinji döwlet ýolbaçysy bolýar.



Degişli Habarlar