Taryhda 19-ny ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1128409
Taryhda 19-ny ýanwar

 

 

Taryhda 19-ny ýanwar

Taryhyň şu güni başlaýar…

Henizem dünýäniň abraýly welisoped bäsleşiklerinden biri bolan Fransiýanyň welisoped turniri ilkinji gezek 1903-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda geçirilýär. 19 gün dowam eden 2,428 kilometrlik turnire 59 turgen gatnaşdy, emma 20 türgen pellehana ýetmegiň hötdesinden gelýär.

Radio… Häzirki wagtda sesimizi size ýetirýän hem bolsak hem radio arkaly ýaýlym bermek beýle ýeňil däl. Uzak we kynçylykly işleriň netijesinde ilki metrler, soň şäherler, son bolsa döwletara ýaýlymlar başladylýar. Ine 1903-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda bolsa uly üstünlik gazanylýar we radio tolkunlary bilen okeanyň aňyrsyna ses ýetirilýär. Şol ses ABŞ-nyň prezident Teodor Ruzwelt tarapyndan Britaniýanyň şasy Edward 7-njä ugradylan gutlag ýüzlenmesidi.

2004-nji ýylyň 19-njy ýanwary… Şanlyurfaly Gazelhan ýagny gazal görnüşinde ýazylan goşugalary belli bir ýol bilen okaýan Kazanjy Bedih kömürden zäherlenip aradan çykýar.

Londondaky Şalyga Degişli Sungat Akademiýasy 2005-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda ýatdan çykmajak sergi guraýar. Türkler: 1000 ýylyň syýahaty 600-1600” 19-njy ýanwarda açylan Türkleriň Orta Aziýadan Stambula we ondan hem giň sebitlere ýaýran sungat we medeni baýlygyny beýan edýän sergi üç aýyň dowamynda sungaty söýüjileriň dykgatyna ýetirildi.



Degişli Habarlar