Taryhyň Şu Güni
Ikinji ýanwar
Ikinji ýanwar
Ilkinji fotosuratyň haçan düşürlendigi bilinmeýän hem bolsa, aý ilkinji gezek 1839-njy ýylda fotosuraty oýlap tapanlardan biri bolan fransuz suratçysy Luis Daguir tarapyndan surata alynýar.
1905-nji ýylda rus-ýapon urşunda Hytaýdaky rus bazasy Port Artur, admiral Heýhaçiro Togonyň serkerdelik etmegindäki ýapon deňiz güýçlerine boýun egdi. Rus imperiýasynyň dargamagyna sebäp bolan 1905-nji ýyldaky ynkylaba sebäp bolan ýeňilişler tapgyry başlaýar.
Raýatlaryň şahsyýetini anyklamak üçin atlaryndan, dini ynançlaryndan, sosial we maşgala atlaryndan peýdalanýan Türkiýede 1934-nji ýylyň 21-nji iýunynda kanuny özgertme edilip, familiýa kanuny çykarylýar. Türkçe familiýa geçilmegini mejbur edýän kanun 1936-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda güýje girýär.
1959-njy ýyla aýyň çäklerine baryp, günüň orbatisyna girjek ilkinji emele hemra bolan “Luna 1” Sowet Soýuzy tarapyndan älem giňişligine uçuruldy. Aý manysyny aňladýan Luna 1, günüň töwereginde orbita oturan ilkinji hemra boldy.
1975-nji ýylda Türkiýäniň radiolary TRT1, TRT2 we TRT3 ady bilen üç ýaýlymdan berilmäge başlanýar.
1979-njy ýylda türk we amerikaly arheologlar bäş ýyl dowam eden barlagyň netijesinde dünýäniň ilkinji musulman batagyny Egeý deňizinde tapdy.
1993-nji ýylda Türk ýaragly güýçleri BMG-niň çagyryşyna laýyklykda içerki uruş we gytlyk sebäpli agyr çökgünlige sezewar bolan Somala baryp, 43 ýyl soň Koreýadan soň ikinji daşary ýurt saparyny amala alyrdy.