Türk zeýtun ýagy kärhanasy dünýäde birinji orny eýeledi
EVOO World Ranking platformasy, baýrakly süzülen zeýtun ýaglaryny tanyşdyrmagy maksat edinýär we bu platformada derejä giren önümler sylaglanýar
Merkezi Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etrabynda ýerleşýän Nowa Wera kärhanasy, 28 ýurtda geçirilen halkara zeýtun ýagy bäsleşiklerinde birinji oruna mynasyp bolup, "dünýäniň iň gowy zeýtun ýagy öndürijisi" hökmünde saýlandy.
Kärhananyň esaslandyryjysy Bahar Alan, ýokary hilli we adamyň saglygy üçin peýdaly önümçilik ýörelgesini kabul edendiklerini belläp, bu üstünligi dowam etdirmegi we has giň köpçülige ýetmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.
EVOO World Ranking platformasy, köp ýurtdan köp sanly öndürijiniň gatnaşan we ýylyň dowamynda geçirilen 35 tapawutly zeýtun ýagy bäsleşiginiň netijelerini göz öňünde tutup, iň gowy zeýtun ýaglaryny we öndürijilerini kesgitleýär.
EVOO World Ranking platformasy, baýraga mynasyp bolan süzülen zeýtun ýaglaryny tanyşdyrmagy maksat edinýär we bu platformada derejä giren önümler sylaglanýar.
Şeýlelikde, süzülen zeýtun ýaglarynyň haýsylarynyň dünýäde iň köp sylaglanandygyny, görnüş we hil taýdan haýsylarynyň iň gowylarydygyny we bularyň dünýäniň haýsy sebitinden gelendigini bilip bolýar.
Degişli Habarlar
Kruiz Gämileri Amasra Gelmäge Dowam Edýär
Amasra gelen kruiz gämisiniň 1015 ýolagçysy bilen 454 adamlyk ekipažy bar.
Müsüriň Gadymy Taryhyn Boyuňça Möhüm Açyş Edildi
Arheologlar Müsürde Şa Gatsepsutyň gadymy ybadathanasyny tapdylar