Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Köpelýär
Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 16 million 300 müňden geçdi.
2210482
Syýahatçylyk şäheri Antalýa her ýyl millionlarça syýahatçyny kabul edýär.
Türkiýäniň birnäçe sebitinde sowuk howa täsirini dowam etdirýär.
Antalýa bolsa yssy howasy bilen syýahatçylary myhman almaga dowam edýär.
Yssy howadan peýdalanmak isleýän syýahatçylar şäherde deňize girýär.
Kemer, Manawgat we Belek etrapçalaryndaky myhmanhanalar syýahatçylardan doly.
Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 16 million 300 müňden geçdi.
Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli şähere jemi 17 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.
Degişli Habarlar
Türkiýä 10 Aýda 47 Million 306 Müň Syýahatçy Geldi
Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 7,03 göterim artdy.