Aýdynda 47 Mazar Tapyldy
"Mazarlaryň bäbeklere we çagalara degişli bolmagy 11-nji asyrda şäherde ýokanç keselleriň bolandygyny we gündelik durmuş şertleriniň agyrdygyny görkezýär”
Aýdynyň gadymy Nysa şäherinde 47 mazar tapyldy.
Akharaka ybadathanasyna we Anadolynyň öz durkuny gorap saklan esasy kitaphanalaryndan birine eýe bolan Nysa şäheri, teatry, stadiony we mejlisiň binasy bilen ünsleri özüne çekýär.
Gadymy Nysa şäheriniň Gazuw-agtaryş toparynyň başlygy Ankara uniwersietiniň Dil we taryh geografiýa fakultetiniň mugallymy Prof. Dr. Serdar Hakan Öztaner, gazuw-agtaryş işlerinde Efes, Magnesia we Tralleis liniýasyny esasy söwda ýoly bilen birleşdirýän köçä ýetendiklerini aýtdy.
Köçäniň 7-nji asyra çenli ulanylandygyny, ýer titremelerinden soň ýeriň aşagynda galandygyny aýdan Öztaner, köçede 47 mazaryň tapylandygyny aýtdy.
Galyndylaryň 11-nji asyra degişlidigini aýdan Öztaner: “Köçäniň ugrunda giçki döwre degişli 47 mazar tapyldy. Mazarlaryň bäbeklere we çagalara degişli bolmagy 11-nji asyrda şäherde ýokanç keselleriň bolandygyny we gündelik durmuş şertleriniň agyrdygyny görkezýär” diýdi.
Degişli Habarlar
Akdamar Adasynda Buthanada 12-nji Dini Çäre Geçirildi
Şu ýylky dini çärä dünýäniň çar tarapyndan gelen din adamlary gatnaşdy.