TEKNOFEST festiwaly 8-19-njy awgust aralygynda geçiriler

Bäsleşikleriň düzümi we senenamasy bilen bagly jikme-jiklikleri "teknofest.org" internet saýtyndan okap bilersiňiz

2170113
TEKNOFEST festiwaly 8-19-njy awgust aralygynda geçiriler

TEKNOFEST Awiasiýa, älem we tehnologiýa festiwalynyň çäginde guraljak tehnologiýa bäsleşikleri Türkiyäniň çar tarapynda geçiriler. 

Ilkinjisi 2018-nji ýylda geçirilen tehnologiýa ýaryşlary, şu ýyl 8-19-njy awgust aralygynda ýurduň biri-birinden tapawutly şäherlerinde geçiriler. 

30 million pul sylagy we 55 million liradan gowrak maddy goldaw beriljek tehnologiýa bäsleşikleri, şu ýyl 49 esasy kategoriýa we 127 goşmaça kategoriýa boýunça geçiriler. 

Bäsleşikleriň düzümi we senenamasy bilen bagly jikme-jiklikleri "teknofest.org" internet saýtyndan okap bilersiňiz. 


Etiketkalar: #festiwal , #TEKNOFEST

Degişli Habarlar