EURO 2024 Çempionatynyň final tapgyrynda oýnajak ilkinji ýygyndy belli boldy

EURO 2024 Çempionatynyň final tapgyrynda oýnajak ilkinji ýygyndy Ispaniýa boldy

2161380
EURO 2024 Çempionatynyň final tapgyrynda oýnajak ilkinji ýygyndy belli boldy

Ispaniýanyň futbol ýygyndysy Fransiýanyň ýygyndysyny 2-1 hasabynda ýeňip, EURO 2024 Çempionatynyň final tapgyrynda oýnamaga hukuk gazandy. 

Mýunhen Futbol Arena stadionynda geçirilen duşuşygyň netijesi boýunça Ispaniýa finalda oýnamaga mümkinçilik gazanan bolsa, Fransiýa çempionatdan gaýtdy. 

16 ýaşyndaky ispaniýaly futbolçy Lamin Ýamal, çempionatyň taryhynyň iň ýaş futbolçysy bolan bolsa, Fransiýanyň derwezesine geçiren goly bilen hem turniriň iň ýaş bombardiri boldy. 



Degişli Habarlar