Balkan Aýdym-Sazynyň Ussady Bregowiç Ankarada Konsert Berdi

Balkan aýdym-sazynyň ussatlaryndan Goran Bregowiç Türkiýedäki gastrollarynyň birinji duralgasy Ankarada sungady söýüjiler bilen duşuşdy.

2160371
Balkan Aýdym-Sazynyň Ussady Bregowiç Ankarada Konsert Berdi

“Toý we jynaza orkestri” bilen “Oran açyk sahnasynda” konsert beren aýdymçy, sahnada sözlän sözünde “Şu agşam siziň bilen duşuşmakdan örän hoşal. Size aýdymly, şatlykly agşam arzuw edýärin” diýdi.

Bregowiç “Wino Tinto, “Maki Maki” we “Duž Duž” ýaly halanýan aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Sungady söýüjileriň tans edip, aýdymlara goşulan konserti 2 sagada barabar dowam etdi.

Aýdymçy 8-nji iýulda Çeşmede, 12-nji iýulda bolsa Stambulda konsert berer.



Degişli Habarlar