Bodruma "Resilient Lady" atly ýolagçy gämisi geldi

277 metr uzunlygynda, 2342 ýolagçysy we 1150 işgäri bolan ägirt uly gämi, Bodrum Cruise Port atly deňiz menziline geldi

2149197
Bodruma "Resilient Lady" atly ýolagçy gämisi geldi

Mugla welaýatynyň Bodrum etrabyna Bagamalar baýdagyny göterýän "Resilient Lady" atly ýolagçy gämisi geldi.

277 metr uzunlygynda, 2342 ýolagçysy we 1150 işgäri bolan ägirt uly gämi, Bodrum Cruise Port atly deňiz menziline geldi. 

Gämiden düşen aglabasy iňlis we amerikaly bolan ýolagçylardan emele gelen syýahatçylar, söwda etdiler, Bodrum galasyna, Bodrum gadymy teatryna, Myndos gapysyna we degirmenler ýaly taryhy we syýahatçylyk ýerlerine gezelenç etdiler. 


Etiketkalar: #ýolagçy , #gämi , #Bodrum

Degişli Habarlar