Mersinde Rim Döwrüne degişli Heýkel Tapyldy
Anamur etrabynda Rim döwrüne degişli zenan heýkeli tapyldy

Mersinde, gadymy Anemurium şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde Rim döwrüne degişli zenan heýkeli tapyldy.
Anamur etrabynda ýerleşýän gadymy şäherde, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň öňbaşçylyk etmeginde Selçuk uniwersitetinin Binägärlik bölüminiň mugallymy Prof. Dr. Mehmet Tekojagyň ýolbaşçylygynda gazuw-agtaryş işleri geçirilýär.
Gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýeri bolan gadymy şäherde “port hamamy” hökmünde atlandyrlan sebitde Rim döwrüne degişlidigi aýdylýan zenan heýkeli tapyldy.
Heýkel geçirlen barlaglardan soň gorag astyna alyndy.
Gazuw-agtaryş toparynyň başlygy Tekojak, 1,2 metr uzynlygyndaky zenan heýkeliniň gadymy şäherde ýaşap geçen asylsazada maşgalalardan birine degişli bolup biljekdigini nygtady.
Degişli Habarlar

Trendýol Super Liganyň 13-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 13-nji hepdesi geçirilen soňky 2 duşuşyk bilen tamam boldy