Gipsy Kings Stambulda Konsert Berdi
Dünýa meşhur rumba, Flamenko we salsa topary “Gipsy Kings” Stambulda konsert berdi.

Piu Intertaýment 10-njy ýyl kosertleriniň çäginde Zorlu PSM-de “Gipsy Kins by Andre Reýes” ady bilen sahna çykan topar, “Dýobi Dýoba”, “Bamboleo”, “Baila Baila”, “La Dona”, “No Wolwere”, “Bem Bem”, “Maria”, “Wolware” we “Un Amor” ýaly halanýan aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
1,5 sagada barabar dowam eden konsert tomaşaçylaryň göwnünden turdy.
Topar şu ýyl “Gipsy Kings featuring Nikola Reýes” ady bilen 17-nji iýunda Stambulda Wolkswagen Arenada, 18-nji iýunda boşla paýtagtda, Ankara Kongresiumda konsert beripdi.
1978-nji ýylda Fransiýada döredilen “Gipsy Kingsiň” albomlary dünýä boýunça 60 milliondan gowrak satyldy.
Degişli Habarlar

Trendýol Super Liganyň 13-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 13-nji hepdesi geçirilen soňky 2 duşuşyk bilen tamam boldy